Ogulgerek Berdimuhamedowa Tähranyň täsin ýerlerine gezelenç etdi

19:2530.05.2023
0
49939
Ogulgerek Berdimuhamedowa Tähranyň täsin ýerlerine gezelenç etdi
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Eýran Yslam Respublikasyna sapary başlandy.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Tähranyň demirgazygyndaky iň meşhur ýerlerine — «Saadabad» köşkler toplumyna, Şahwand köşgüne, Mahmud Farşýanyň sungat muzeýine baryp gördi.

Gözel meýdany we arassa dag howasy sebäpli, Şemiran uzak wagtdan bäri döwletiň ýokary derejeli elitasynyň wekilleri üçin ýaşamak we dynç almak üçin iň gowy görülýän ýerdir.

Bu ýerlerde Ogulgerek Berdimuhamedowa eýran medeniýeti, milli mirasy, gymmatly eksponatlar bilen tanyşdyryldy. Tebigatyň täsin görnüşleri wekiliýetiň agzalarynda özboluşly täsir galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň