Arhiw

«Mançester Siti» APL-den rekord derejede girdeji aldy

17:3630.05.2023
0
32362

«Daily Mail» neşiri «Mançester Sitiniň» APL-däki çempionlyk girdejilerini alandygyny habar berdi.

Hosep Gwariolanyň şägirtleri 166 million funt sterling işlediler. Şunda duşuşyklaryň göni ýaýlymyndan alnan girdejiler hem bar.

Şu ýyl APL-niň girdejileri rekord derejede paýlandygyny aýtmak gerek. Geçen möwümiň netijesinde «şäherliler» 153 million funt girdeji alypdylar. «Mançester Sitiniň» 20-nji maýda heniz möwsüm tamamlanmakna çempion bolandygyny ýatladýarys.

Bassyr üçünji çempionlygyny gazanan «Mançester Siti» taryhynda 10-njy gezek Angliýanyň iň güýçli kluby bolmagy başardy. Indi topar 10-njy iýun güni Çempionlar ligasynyň çempiony bolmak üçin Milanyň «Interi» bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Stambul şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň