Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan TRASEKA goşulmak boýunça işlere badalga berdi

15:5630.05.2023
0
24700

Türkmenistan 2023-nji ýylyň ahyryna çenli guramanyň doly agzasy hökmünde TRASEKA goşulmagy meýilleşdirýär. Bu babatdaky işlere eýýäm girişildi diýip, «Trend.az» Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýewe salgylanyp habar berdi.

«Ýaňy-ýakynda biz gurama goşulmak boýunça işleriň başyny başladyk. Biz bu ädime we umuman, TRASEKA bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýäris, bu ileri tutulýan ugurlaryň biridir» diýip, Annaýew belleýär.

Baş direktoryň orunbasary TRASEKA goşulmagyň ýurduň beýleki agza ýurtlary, şol sanda Azerbaýjan bilen gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Ýatlap geçsek, ozal TRASEKA agza ýurtlaryň hemmesi Türkmenistanyň agzalyga kabul edilmegine razylyk berdiler. TRASEKA-nyň sekretariatynda hem Türkmenistanyň bu gurama girmegini goldaýandyklaryny mälim etdiler.

«Türkmenistanyň TRASEKA-nyň Esasy köptaraplaýyn şertnamasyna (MLA) goşulmagy uly ykdysady geljegi has netijeli durmuşa geçirmäge, tutuş ýurduň ulag pudagynyň ösüşine itergi bermäge, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunda yzygiderli we işjeň galkynyşy üpjün etmäge mümkinçilik döreder» diýip, guramanyň sekretariatynda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň