Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmengurluşyk—2015” ýakyn geljekde türkmen şäherleriniň we obalarynyň nähili keşbe eýe boljakdygyny görkezýär

09:4228.08.2015
0
3207

27-nji awgustda paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde “Türkmengurluşyk—2015” atly halkara serginiň hem-de onuň çäklerinde geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ýeten derejesine we geljekki ösüşine bagyşlanan bu pudaklaýyn çärä dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar. Köpugurly sergi köşgüň iki gatynda hem-de onuň daşyndaky meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi türkmen şähergurluşyk, binagärlik ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkeýändigini, kuwwatynyň artýandygyny, häzirki döwürde şäher we ulag düzümini guramak işleriniň kämilleşýändigini äşgär etdi. Bu bolsa önümçilik binýadynyň täzeçil usulda ösdürilmeginde halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge şert döredýär. Halkara maslahat ýurdumyzyň gurluşyk bazarynyň esasy meýillerini kesgitlemäge, öňdebaryjy tehnologiýalary, mahabat we ylmy çemeleşmeleri ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynyň öňünde goýýan wezipelerini çözmek maksady bilen, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni guradylar.

Sergi köşgünde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň 230-a golaý bölümleri ýerleşdirildi. Olaryň hatarynda taslamalaşdyrmak, gurluşyk, gurluşyk serişdeleriniň, enjamlarynyň, gurallarynyň we ýörite tehnikalarynyň önümçiligi boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bar. Olaryň hatarynda Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Polşadan, Türkiýeden, Eýrandan, Russiýadan, Gazagystandan, Ermenistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler öz tekliplerini we täze işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

 

Täze binagärlik taslamalary myhmanlaryň we sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde edara ediş toplumlarynyň, söwda hem-de dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň kiçeldilen görnüşleri görkezildi. Olar ýakyn wagtda gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr.

Bu sergi diňe bir hünärmenler üçin däl, eýsem, köp sanly şäher ilaty we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem ähmiýetli boldy. Bu giň möçberli ykdysady gözden geçiriliş arkaly olar üçin ýurdumyzyň geljegine, täze tehnologiýalaryň esasynda ýakyn geljekde türkmen şäherleriniň we obalarynyň köçeleriniň geljekki ösüşine göz ýetirmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.

Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu ýerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy hünärmenleri Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi boýunça pikir alyşdylar.

Şu günki maslahat şäher gurluşygynda, ýol gurluşygynda, önümçilik kärhanalarynyň ulgamlaýyn we maksatnamalaýyn üpjünçiliginde ulanylýan geljegi uly taslamalara bagyşlanar.

Sergi 29-njy awgusta çenli dowam eder.

“Türkmengurluşyk—2015” atly halkara sergiden fotoreportažymyzy synlamagy unutmaň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň