Häkimler bilen iş maslahaty: oba hojalyk, baýramçylyklara taýýarlyk meselelerine garaldy

21:5329.05.2023
0
27627
Häkimler bilen iş maslahaty: oba hojalyk, baýramçylyklara taýýarlyk meselelerine garaldy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, gögeriş we ösüş suwuny tutmak, zyýankeşlere garşy göreşmek boýunça degişli işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, welaýatlarda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, orakda ulanyljak kombaýnlary, galla kabul ediş nokatlaryny, awtoulaglary möwsüme doly taýýarlamak boýunça ähli zerur çäreleriň görülýändigi, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilýändigi, ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnap almak babatda degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şeýle-de häkimler welaýatlarda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek dabarlara taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada-da hasabat berdiler.

Degişli hasabatlarda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli berjaý etmek babatda zerur çäreleriň görülýändigi, şeýle-de Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň ýokary depginlerde dowam edýändigi barada aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany häkimlere gowaça ekilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi we olaryň depginleriniň ýokarlandyrylmagy babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de häkimlere, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şaly ekişiniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy we Daşoguz welaýatynyň häkimine bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de wise-premýere gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we gowaça ideg etmek işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti galla oragynyň ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi hem-de welaýatlarda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý oragyna başlamak dabarasynyň, iýun aýynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Soňra iş maslahatyna gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowy 10 — 24-nji maý aralygynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Pariž şäherinde geçirilen 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň