Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmen wekilleri bilen duşuşdy

23:0927.08.2015
0
4137

Kabulda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmen wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşyk Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Köşkler toplumynyň “Çar çynar” köşgüniň maslahatlar zalynda geçirildi. Şu günki geçirilen gepleşikleriň  netijeleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen bolan duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ulag we energetika pudaklary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi. Mälim bolşy ýaly, bu babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ýurdumyz ony ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmäge çalyşýar. Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini döretmek, energetika pudagynda sebitleýin we işjeň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek, ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi özara peýdaly gatnaşyklaryň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle hem özüniň möçberleri boýunça deňi-taýy bolmadyk Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bolsa, diňe bir oňa gatnaşyjylar ýurtlar däl, eýsem tutuş sebit üçin örän ähmiýetli bolup durýar.

Türkmenistan Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň hatarynda özüniň goňşy ýurda ynsanperwer kömegini bermegi esasy ugur edinýär. Şu maksat bilen, degişli çäreler toplumyny, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, ynsanperwer ýükleriň ugradylmagyny göz öňünde tutýan ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Şeýlelikde, Owganystanyň serhetýaka etraplarynda mekdep, saglyk öýi guruldy, şu maksatnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu ýyl Hyrat welaýatynyň serhetýaka Turgundy obasynda çaga dogrulýan öýüň gurluşygyna başlandy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekillerini şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky mejlisine we baýramçylyk çärelerine, şeýle hem dekabr aýynda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi. Olaryň hatarynda döwlet düzüminiň ýokary derejeli wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary bar.

Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmen wekilleri Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ähli watandaşlarynyň adyndan parahatçylyk söýüjilikli oňyn syýasaty alyp barýandygy, onuň adamzadyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Pursatdan peýdalanyp, duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize daşary ýurtly watandaşlar hakynda edýän atalyk aladasy, şeýle hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine yzygiderli kömek-goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Duşuşyk tamamlanansoň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Kabulyň halkara howa menziline bardy we ata Watanyna ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň