Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi

16:3927.08.2015
0
6108

Kabul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Gepleşikleriň barşynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Aýdylyşy ýaly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar berk dostluk, birek-birege düşünişmek we goldaw bermek esasynda ýola goýulýar. Munuň özi ynamly ösüş hem-de bilelikdäki uzak möhletleýin meýilnamalary işläp taýýarlamak üçin has-da möhümdir.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika we ulag pudaklary ýaly möhüm ugurlarda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunlukda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Owganystanda durnukly syýasy  ýagdaýy, bu ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini, onuň sebitleýin we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyny üpjün etmek babatda möhüm şert bolup durýar.

Gepleşikler tamamlanansoň, netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasyny geçirmek bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň