Soňky habarlar

Arhiw

Ärdoganyň ses berjek saýlaw uçastogy köp adamly

15:4728.05.2023
0
21221

Stambulda ýurduň häzirki Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ses berjek saýlaw uçastogyna ir säher sagat 7:00-da adamlar ýygnanyp başlady. Şäherde ýagdaý asuda, köçelerde ulaglaryň hereketi az, adamlar seýrek göze ilýär diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Ärdoganyň ses berjek ýerinde adamlar köp. Eýýäm sagat 7:30-da saýlawçylar bu ýerde ses bermek üçin nobata durdular. Saýlaw uçastogy wagtyndan iki minut öň, sagat 7:58-de açyldy.

Türkiýede saýlawlaryň birinji tapgyryndaky ýaly, şäheriň Aziýa bölegindäki bu saýlaw uçastogynda Prezidentiň ses bermeginiň öňüsyrasy habarçylar köp we howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

«Hürriyet gazeti» saýlawlaryň geçişinde howpsuzlygy üpjün etmek üçin 600 müň töweregi adamyň çekilendigini, şeýle-de 73 dikuçaryň, 8 uçaryň, 61 sany uçarmansyz uçuş enjamynyň howpsuzlygyň goragynda goýlandygyny habar berdi. Gazetiň ýazmagyna görä, 324 müň 409 poliseý, 193 müň 879 žandarm, kenar goragy gullugynyň 2 müň 640 işgäri, gorag gullugynyň 58 müň 648 işgäri we meýletin goragçylaryň 17 müň sanysy bütin Türkiýe boýunça paýlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň