«Lokomotiw» Dzýuba 120 million rubl hödürleýär

09:2127.05.2023
0
24430

Şertnamasyny uzaldan ýagdaýynda Moskwanyň «Lokomotiwiniň» hüjümçi Artýom Dzýuba hödürleýän puly mälim boldy. Bu barada žurnalist Iwan Karpow Telegram kanalynda habar berdi.

Ýazylyşy ýaly, futbolçy klubdan täze möwsüm üçin 120 million rubl alar. Žurnalist Dzýuba ýene bir ýyllyk şertnamanyň hödürlenilýändigini ýazdy.

Bu barada toparyň baş tälimçisi Mihail Galaktionow hem 14-nji maýda syzdyrypdy. Ol klubyň Dzýuba bilen ýene bir ýyllyk şertnama baglaşmak isleýändigini aýdypdy.

― Ähli zat möwsüm tamamlanansoň belli bolar. Häzir taraplar şertnamany täzelemäge taýýarlyk görýärler ― diýip, rus metbugaty baş tälimçiniň aýdanlaryny getirdi.

Dzýubanyň «Lokomotiwe» şu ýylyň 8-nji fewralynda gelip goşulandygyny ýatladýarys. Taraplar 2022 ― 2023-nji ýyllaryň möwsüminiň ahyryna çenli şertnama baglaşypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň