Myrat Ýagşyýewiň «Neftçisi» Gyrgyzystanyň çempionatynyň 10-njy tapgyrynda «OşMU-Aldiýer» toparyny kabul edip, 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Duşuşykdaky ýeke-täk goly 41-nji minutda Dastanbek Toktosunow geçirdi. Şeýlelikde, ol möwsümdäki altynjy goluny adyna ýazdyrdy.
Bu ýeňişden soňra utugyny 19-a çykaran «Neftçi» ýaryş tertibinde hem ikinji orna göterildi. «OşMU-Aldiýeriň» bolsa 6 utugy bar.