Arhiw

Batyr Annaýew: Türkmenistan bilen Azerbaýjan — «Orta Geçelgäniň» wajyp nokatlary

19:0026.05.2023
0
18493
Batyr Annaýew: Türkmenistan bilen Azerbaýjan — «Orta Geçelgäniň» wajyp nokatlary

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Hytaýdan Ýewropa üstaşyr geçýän «Orta Geçelgäniň» möhüm nokatlarydyr. Muny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew çarşenbe güni «Trend»-e aýtdy.

«Biziň ýurtlarymyz ýakyn aragatnaşyk saklaýar, üstaşyr ýük daşamalarynyň ösüşi pudagynda işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar» diýip, Annaýew belleýär.

Onuň sözlerine görä, Baku we Aşgabat ulag pudagynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek barada gepleşikleri geçirdi.

«Türkmenistan birnäçe ugur boýunça üstaşyr ýük daşamalaryny amala aşyrmak üçin tagalla edýär. Bulara «Orta Geçelge», «Lapis Lazuli» geçelgesi we aýry-aýry halkara taslamalar degişli. Mysal üçin, ýakynda «CASCA+» ugry boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen biziň wekillerimiziň arasynda gepleşikler geçirildi. Biziň maksadymyz — ulag nyrhnamalarynyň bitewüleşdirilmegi we ýük daşamalarynyň artmagy üçin demir ýol infrastrukturasynyň we konteýner ýük daşamalarynyň döredilmegi barada gysga wagtda ylalaşmak» diýip, Annaýew nygtaýar.

Onuň aýtmagyna görä, üstaşyr gatnawyň ösmegi Türkmenistan we Azerbaýjan üçin has giň mümkinçilikleri döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň