Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-gazak işewürler maslahaty geçirildi

08:5126.08.2015
0
3018

25-nji awgustda türkmen paýtagtynda türkmen-gazak işewürler maslahaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Ýygnananlar duşuşygy açyp, soňky ýyllarda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň hil taýdan täze mazmun bilen doldurylýandygyny, muňa soňky döwürde ähli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň köp babatda ýardam berýändigini bellediler.

Işewürler maslahatynyň barşynda, Türkmenistanyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýeten sepgitleri barada çykyşlar ýaýbaňlandy. Bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasat ýurdumyzyň ýokary derejede ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna, türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Anyk mysallarda türkmen döwletiniň  barha artýan ykdysady mümkinçilikleri görkezildi, ol mümkinçilikler çalt depginler bilen geçirilýän ýurdumyzyň ähli halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak bilen baglydyr.

Telekeçilik işini ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda türkmen işewürleri daşarky bazarlarda dürli harytlary ýerlemek we hyzmatlary etmek ulgamynda uly mümkinçiliklere eýedirler. Şunuň bilen baglylykda, hususy telekeçilik derejesinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk uly mümkinçilikleri açýar. Bellenilişi ýaly, yzygiderli esasda geçirilýän halkara sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary, işewürler forumlary telekeçilik düzümleriniň ýakyn hyzmatdaşlygy üçin täsirli guraldyr.

Kosmos tehnologiýalary ulgamynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak duşuşygyň aýratyn meselesi boldy. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk şu ýyl Türkmenistanyň ilkinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylandygy hem-de ýene bir milli hemranyň uçurylmagy göz öňünde tutulýandygy nukdaýnazaryndan has möhüm ähmiýete eýedir.

Geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde belent halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen doly derejeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini belläp, myhmanlar şu gezekki işewürler maslahatynyň baş maksadynyň Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşmakdan hem-de milli ykdysadyýetiň hususy böleginiň wekilleri bilen netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmakdan, şeýle hem Gazagystanda işewürligi alyp barmak üçin bar bolan mümkinçilikler hem-de şertler bilen tanyşdyrmakdan ybaratdygyny bellediler.

Netijeli işlemek üçin ähli şertler dörediler türkmen bazarynyň örän amatly taraplary barada aýtmak bilen, Gazagystanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan milli we sebit derejeli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny aýtdylar. Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň barşynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam berýän anyk teklipler beýan edildi. Hazmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, gurluşyk, elektrotehnika, himiýa, derman, lukmançylyk, azyk senagatlary we beýlekiler görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylara ýörite taýýarlanan wideofilm görkezildi, onda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasatynyň ähmiýeti barada gürrüň berilýär.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we bilelikdäki taslamalar has anyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň