Arhiw

«Çagalar biziň geljegimizdir» diýen baýramçylyk çäresi geçiriler

13:5726.05.2023
0
18227
«Çagalar biziň geljegimizdir» diýen baýramçylyk çäresi geçiriler

Bütindünýä çagalar güni mynasybetli 27-nji maýda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýörite çagalar we ene-atalar üçin baýramçylyk çäresi geçiriler. Bu çäräniň esasy aýratynlygy:

  • Arzan bahadan dokma önümleri;
  • sungat eserleri;
  • el işleri;
  • robot oýnawaçlary;
  • kitap önümleri;
  • dürli görnüşli hödür-kerem;
  • Türkmen Döwlet gurjak teatrynyň çykyşlary;
  • multfilm şüweleňi;
  • kitap okamak boýunça bäsleşikden ybaratdyr;

Multfilm şüweleňinde ýeňiji bolan çagalara Gökdere çagalar sagaldyş merkezine, kitap okmak bäsleşiginde ýeňiji bolan 3 sany ýeňijä Awazadaky «Daýanç» çagalar sagaldyş merkezine mugt ýollamanamalar beriler.

Çäräni Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi ikinji gezek guraýar. Ilkinji gezek geçirilende (https://horjuntv.com.tm/tm/watch/m0zrD) halk köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirileni üçin 4 seans täzeden gaýtalanyp görkezildi.

Şeýle hem bu çäräniň çäklerinde geçiriljek söwda ýarmarkasynda öz önümlerini, el-işlerini satmak isleýän raýatlarymyz 493705 belgisi bilen habarlaşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň