Soňky habarlar

Arhiw

Fransuz-belgiýaly kinematografiýaçy Türkmenistanda suratçylyk boýunça ussatlyk sapaklaryny geçirer

13:3026.05.2023
0
18742

Fransuz-belgiýaly ssenariýaçy we režissýor we goýujy operator Saýmon Gillard Türkmenabatda, Aşgabatda we Maryda surata almak we dokumental film düşürmek boýunça ussatlyk sapagyny geçirer.

Ussatlyk sapagy Türkmenabatda 2023-nji ýylyň 27-nji maýynda ir sagat 10:00-da başlar.

Dalaşgärleriň surata almak we kino düşürmek boýunça tejribesi bolmaly. Dalaşgärler gysga deslapky saýlama boýunça kesgitleniler.

Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti çakylyk üçin saýlanan gatnaşyjylar bilen habarlaşar we giňişleýin maglumat berer.

Ýeri gelende bellesek, Saýmon Gillardyň işleri «Kann» film festiwaly, «dei Popoli» Festiwaly we «Zinebi», «Cinéma du réel», «Fiff Namur» ýaly köp sanly halkara film festiwallarynda baýraga mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň