Özbegistanda dört aýda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda 24 kärhana döredildi

13:0826.05.2023
0
18847

2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda 24 sany täze kärhana döredildi. Şeýlelikde, Türkmenistan degişli sanawda sekizinji orundan ýer aldy. Bu barada özbek internet neşiri habar berdi.

Hasabat döwründe Özbegistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda jemi 150 sany täze bilelikdäki kärhana döredilipdir. Şonuň 16 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Umumylykda alnanda, 2023-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Özbegistanda döredilen bilelikdäki karhanalaryň aglaba böleginiň rus, hytaý we türk maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilipdir. Has takygy, ýanwar — aprel aýlarynda ýurtda Russiýanyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda 341 sany, Hytaýyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda 187 sany we Türkiýäniň maýa goýumynyň gatnaşmagynda 99 sany täze kärhana hasaba alnypdyr.

Ozal 2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň 312,6 million amerikan dollaryna deň bolandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň