Soňky habarlar

Arhiw

USAID Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda ýerli hyzmatlary we önümleri goldaýar

02:1826.08.2015
0
2799

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Nebitgaz önümçiliginde ýerli hyzmatlaryň we önümiň paýyny ýokarlandyrmak” atly okuw maslahatyny geçirmegi başlady.

Bu dört-günlük okuw çäresiniň dowamynda Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligine, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentligine, “Türkmengaz” Döwlet konsernine, “Türkmennebit” Döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasyna wekilçilik edýän 20 sany gatnaşyjy ýerli hyzmatlaryň we önümiň mukdaryny artdyrmaklyga degişli çäreleriň dürli görnüşleri barada, we şunuň ýaly çäreleriň artykmaçlyklary, kemçilikleri we olaryň netijeligine baha bermek barada öwrenerler.

Hususanda, okuwyň dowamynda klasterleri döretmek we tilsimatlary we bilimleri öwrenip almak bilen bagly beýleki ýurtlaryň tejribesinden alnan okuw mysallary seljeriler. Seminar tamamlanýança gatnaşyjylar Türkmenistanda ýerli hyzmatlary we önümi artyrmak syýasatyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek barada teklipleri işläp taýýarlarlar. Bu okuw maslahaty amerikan halkynyň adyndan USAID arkaly Türkmenistanda amala aşyrylýan ençeme çäreleriň biridir. 1992-nji ýyldan başlap, USAID Türkmenistanda ykdysady ösüşi, durmuş ulgamyny we jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak üçin takmynan 100 million amerikan dollary möçberinde serişde bilenüpjün etdi.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň