Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

10:4826.05.2023
0
27100

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Salome Zurabişwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň