«Karib deňziniň garakçylary» filminiň surata düşürilen adasy satuwa çykaryldy

19:3625.05.2023
0
29149
«Karib deňziniň garakçylary» filminiň surata düşürilen adasy satuwa çykaryldy
Surat: ria.ru

Bagam adalaryndaky «Roýal kazinosy» we «Karib deňziniň garakçylary» filmleriniň surata alnan ýeri bolan ada 100 million dollar nyrh bilen satuwa çykaryldy. Littl-Paýl-Keý adasyny kärendesine hem alyp bolýar. Bir gijelik kärendesine almak üçin 75-95 müň dollar tölemeli. Ada Florida ştatyndan uçarda gelip bolýar.

Adanyň çäginde birnäçe bina bar. Olaryň biri baş bina, şeýle-de dört sany kottej jaýlardyr. 12 ýatalgaly we 11 suwa düşülýän otagly ýaşaýyş öýüniň umumy meýdany 2 müň inedördül metr. Mundan başga-da bu ýerde uly howuz, iki sany gaýyk duralgasy, spa-zolak we dikuçar meýdançasy ýerleşýär diýip, «New York Post» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň