Soňky habarlar

Arhiw

HTTU-nyň iň uly hasaply ýeňşi, Pirmyrat Soltanowyň pentatrigi we Nurýagdy Muhammedowyň pokeri

14:2123.08.2015
0
5136

Halkara türkmen türk uniwersitetiniň toparynyň futbolçylary şu möwsümde iň uly hasaply ýeňşini gazandylar. Topar öz meýdanynda 21-nji tapgyryň ilkinji duşuşygynda “Daşogzy” 10:0 hasabynda ýeňdi.

Yzda barýan topary derbi-dagyn etmegiň başyny Pirmyrat Soltanow başlady. Şeýle hem ol şu möwsümde iň çalt geçirilen pökginiň awtory boldy. Pirmyrat duşuşygyň 36-njy sekundynda goragçylary yzda galdyryp, Umyt Alamowyň goraýan derwezesine pökig geçirdi. Şeýlelikde, ol bu görkeziji boýunça “Aşgabadyň” oýunçysy Ruslan Gurbanowa we “Energetigiň” futbolçysy Döwletmyrat Seýitmuhammedowa degişli rekordy täzeledi.

Oýnuň dowamynda Pirmyrat Soltanow “Daşogzuň” derwezesinden ýene-de 4 pökgi geçirip, özüniň möwsümdäki ilkinji pentatrigini (bir oýunda bäş pökgi geçirmek) etmegi başardy. Mundan öň şeýle netijäni 4-nji tapgyrda “Daşogza” garşy myhmançylykda geçirilen oýunda 19 pökgi bilen çempionatda netijeli hüjümçileriň başyny çekýän “Balkanyň” hüjümçisi Myrat Ýagşyýew gazanypdy.

HTTU-nyň düzümindäki ýene bir oýunçy — Nurýagdy Muhammedow poker bilen tapawutlandy. Mundan ozal Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”) we Myrat Ýagşyýew (“Balkan”) degişlilikde 1-nji tapgyrda “Energetigiň” we 11-nji tapgyrda “Hazynanyň” derwezelerinden 4 pökgi geçiripdiler.        

Ýeňiji topardan ýene bir pökgini Gurbangeldi Batyrow geçirdi.

Iki topar hem oýny doly düzümde tamamlap bilmedi, 69-njy minutda özara gödeklik üçin Hemaýat Kömekowa (HTTU) we Rustam Mämmedowa (“Daşoguz”) gyzyl petek görkezildi. Şondan soň hem ýer eýeleri iki pökgi geçirip, uly hasap bilen ýeňiş gazandylar.

HTTU — “Daşoguz” duşuşygy has netijeli hem tamamlanyp biljekdi. Ýöne 3:0 hasaby dowam edip durka myhmanlaryň futbolçysy Merdan Galpakow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Mundan öň şu çempionatda iň uly hasaply ýeňşi 24-nji maýda 13-nji tapgyryň duşuşygynda öz meýdanynda “Daşoguzdan” 8:0 hasabynda üstün çykan “Balkan” gazanypdy.

21-nji tapgyr “Şagadam” — “Altyn Asyr”, “Merw” — “Energetik”, — “Balkan” — “Aşgabat”, “Ahal” — “Hazyna” duşuşyklary bilen tamamlanar.       

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

HTTU — “Daşoguz” — 10:0 (4:0)

22-nji awgust. Aşgabat. Halkara türkmen türk uniwersitetiniň stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Pirmyrat Soltanow 1, 15, 45+2, 66, 84, Nurýagdy Mämmedow 41, 46, 56, 89, Gurbangeldi Batyrow 63.

Geçirilmedik 11 metrlik urgy: Merdan Galpakow (“Daşoguz”) 45.

Duýduryş alanlar: Akmyrat Jumanazarow 43 — Azizbek Abdullaýew 8, Hudaýkuly Satyýew61.

Oýundan çykarylan: Hemaýat Kömekow69 — Rustam Mämmedow 69.

Emin: Jumamyrat Jumamyradow

Duşuşygyň inspektory: Mels Işmuhammedow

23-nji awgusta çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 19 (2 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – 18 pökgi.

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal") – 16.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 14 (6).

HTTU — “Daşoguz” duşuşygyndan taýýarlan fotoreportažymyzy synlamagy unutmaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň