Soňky habarlar

Arhiw

«ITEA» IT akademiýasy «Python» diline bagyşlanan Açyk gapylar gününe çagyrýar

12:1422.05.2023
0
24308

«Iş nokady» kompaniýasy we «ITEA» halkara IT akademiýasy gyzyklanma bildirýänleriň ählisini «Mikrokontrollerleriň kömegi bilen «Pythonyň» mümkinçiliklerini giňeldýäris» diýen mowzukdan geçirilýän nobatdaky Açyk gapylar gününe çagyrýar.

«Python» — bu döwrebap we iň meşhur programmirleme dilleriniň biri bolup, onuň kömegi bilen mobil goşundylar, maglumat gorlary, programma üpjünçiligi hem-de maşyn öwreniş döredilýär. Python öwrenmesi ýeňil we dürli platformalarda ulanylýar, onda işlemegi başarýan programmistleriň işine bolsa IT bazarynda giňden isleg bildirýär. Python dili TIOBE reýtinginde 2-nji orunda durýar.

Bu çäre şeýle-de has täze programma dili bolmagyna garamazdan, bütin dünýäde hünärmenleriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan «Micropython» diline bagyşlanar. «Micropython» barada has giň maglumatlary öwrenmek isleýän myhmanlar bu dili ulanmagyň mümkinçilikleri we ulanylyşynyň anyk mysallary bilen tanyş bolarlar.

Ussatlyk sapagy 31-nji maýda sagat 18:30-da «Berkarar» işewürlik merkeziniň binasynyň 1-nji gatyndaky «Iş nokady’ kompaniýasynyň ofisinde geçiriler. Giriş tölegsizdir.

Gatnaşyjylar üçin ýerleriň çäkli bolandygy sebäpli, isleg bildirýänler şu salgylanmadan ýa-da görkezilen telefon belgileri arkaly hasaba alnyp bilerler: (+993 63) 42 67 51 we (+993 63) 47 11 92.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň