Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny has ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görýär

10:5823.08.2015
0
18020

22-nji awgustda türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi esasynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise hökümetiň agzalary, Aziada — 2017-ni guramaga we geçirmäge jogapkär ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň çäklerinde birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Çykyş edenler diňe bir ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça däl, eýsem, daşary ýurtly sport wekiliýetlerini kabul etmek, ýerleşdirmek, naharlamak, medeni maksatnama we ençeme beýleki wajyp meseleleri çözmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak babatda görülýän çärelere üns berdiler.

Guramaçylyk komitetiniň şu mejlisinde Olimpiýa we Aziýa oýunlary ýaly halkara ýaryşlary guramakda uly tejribesi bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalaryny ýurdumyzda işlemäge çekmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Şeýle hem duşuşykda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň meseleleriniň giň toplumy, şol sanda olary maddy-enjamlaýyn, lukmançylyk, hyzmat ediş taýdan hem-de beýlekiler bilen üpjün etmek, ýaryşlaryň türgenleriniň we myhmanlarynyň howpsuzlyk çäreleri, Olimpiýa şäherjigini dolandyrmak boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibiniň ýene-de bir meselesi Aziada — 2017-niň ýaryşlaryny alyp görkezmek hem-de bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak hukugyna eýe boljak kompaniýany saýlamaga yglan edilen halkara bäsleşigiň netijelerini jemlemek meselesi boldy.

Mejlise gatnaşyjylar Olimpiýa şäherjiginiň birinji we ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň çäklerinde doly tamamlanan desgalaryň dolandyrylmagy hem-de ulanylmagy, olaryň binýadynda sport ýaryşlaryny, synag çärelerini geçirmek, daşary ýurt dillerini erkin ele almagy, göwnaçyk, guramaçy, jogapkärçilikli bolmak we beýlekiler esasy bildirilýän talap bolan meýletinçileriň okuwlaryny yzygiderli guramak bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanda sportda ýokary gazanylanlary ösdürmegiň ulgamlaýyn-maksatly höweslendirmegiň hem-de, hususan-da, türkmen türgenlerini öňde boljak toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu babatda, şertnama esasynda tejribeli daşary ýurtly tälimçileri çekmegiň, V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän ýygyndy toparlary türgenleşik zallary bilen üpjün etmegiň, olaryň her birine jogapkär adamlary we guramalary berkitmegiň hem-de ençeme beýlekileriň maksadalaýykdygy bellenildi.

Aziada — 2017-niň maksatnamasynda görkezilen sportuň her bir görnüşi boýunça takyk türgenleşik we ýaryş tertipleriniň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Munuň özi aýratyn ukyba eýe bolan geljegi has uly türgenleri ýüze çykarmagy we olary mundan beýläk-de taýýarlamagy üpjün etmelidir.

Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralaryny guramaga, dürli kompaniýalardan şunuň bilen baglanyşykly gelip gowuşýan tekliplere aýratyn üns berildi. Bu şowhunly baýramçylyk dabaralarynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň we baý medeniýetiniň sazlaşykly utgaşmalydygy nygtaldy. Şunuň bilen bir hatarda, Aziada — 2017-niň resmi nyşany we şygary, şeýle hem maglumat taýdan üpjün etmek, şol sanda ýörite web-saýtyň işlemegi arkaly maglumatlar bilen üpjün etmek barada-da nygtaldy.

Geljekki oýunlary ýokary derejede ýaýmagyň guramaçylykly alnyp barylmagynyň, Aziýa we Okeaniýa döwletlerinde, esasy halkara neşirlerde, Internet serişdelerinde hem-de sport mowzukly teleýaýlymlarda mahabatlandyrylmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde, Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisini geçirmek bilen baglanyşykly meseleler-de ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň deslapky tapgyrynyň ilkinji netijeleri jemlener.

Garaşylyşy ýaly, çäklerinde guramanyň Utgaşdyryjy, Maliýe we Ýerine ýetiriji komitetleriniň mejlisi geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň forumy türkmen paýtagtynda 600 töweregi daşary ýurtly myhmanlary jemlär.

Aziada taýýarlyk görmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini dessine çözmek üçin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň mejlislerini her 3 aýdan geçirmek teklip edildi.

Aşgabatda bina edilýän Orta Aziýa sebitinde iň iri Olimpiýa şäherjigi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler. Onuň gurluşygyna bäş ýyl mundan ozal badalga berildi we özünde üç tapgyry jemleýär. Taslamany durmuşa geçirmäge ABŞ-nyň 5 milliard dollary töweregi serişde goýberildi.

Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň sany boýunça örän uly wekilçilikli bolar.   Aşgabatdaky Aziada — 2017-ä Aziýanyň 45 ýurdundan başga-da, Okeaniýa ýurtlarynyň 17-si gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň