Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kubogy ― 2023: «Merw» «Aşgabat» bilen deňme-deň oýnap, ýarym finala çykdy

14:3821.05.2023
0
18408

Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynyň jogap duşuşygynda myhmançylykda «Aşgabat» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan «Merw» adyny ýarym finala ýazdyrmagy başardy. Çünki Mary şäherine wekilçilik edýän topar öz meýdanynda geçirilen ilkinji duşuşykda «Aşgabady» 3:1 hasabynda ýeňipdi.

Jogap duşuşygynda ýer eýeleriniň gollaryny 21-nji minutda Röwşen Baýlyýew, 53-nji minutda Begmyrat Pirkulyýew geçirdi. Hemmeler duşuşygyň ahyrky minutlaryna çenli «Aşgabadyň» ynamly ýeňşine we ýarym finala çykmagyna garaşyp durka, «Merw» Alibek Abdyrahmanowyň goşa goly bilen ýagdaýy öz haýryna üýtgetdi. 88-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan tejribeli futbolçy goşmaça wagtyň 1-nji minudynda hem tapawutlanyp, hasaby deňlemegi başardy. Şeýlelikde, «Merw» iki duşuşygyň jemi boýunça 5:3 hasabynda ýeňiş gazandy.

Toparyň ýarym finaldaky garşydaşy «Ahal» futbol topary bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň