Soňky habarlar

Arhiw

«Çoganly» ýaşaýyş toplumynda täze jaýlar açyldy

09:1220.05.2023
0
10929

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly döwrebap jaýlaryň açylyş dabarasy boldy.

Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgala agzalaryna jaýlaryň açarlary gowşuryldy. Milli lybasly gelin-gyzlar dabara gatnaşyjylara türkmen aşhanasynyň datly tagamlaryny, toý pişmelerini hödürlediler. Bu ýerde ýaşaýyş jaýlaryny bina etmekde has tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Meşhur estrada aýdymçylary we teatr artistleri türkmen halkynyň milli toý dessurlaryny janlandyryp, täsirli çykyşlary görkezdiler. Aýratyn-da, täze dünýä inen bäbege Aşgabat diýlip at dakylmagy, onuň uly şatlyk-şowhun, döwrebap bezegli ulaglar bilen döwletli ojaga getirilmegi dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Dabara gatnaşyjylar täze jaýlara baryp gördüler. Jaýlaryň aşhanasynyň enjamlaşdyrylyşy, otaglarynyň ýerleşdirilişi ýokary görkezijilere we türkmen halkynyň milli ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Munuň özi taslamaçylaryňdyr gurluşykçylaryň bildirilýän talaplara üstünlikli hötde gelýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň