Soňky habarlar

Arhiw

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalyna çykdy

23:3219.05.2023
0
14659

Şu gün «Arkadag» futbol topary 10-njy resmi duşuşygyny geçirdi. Toparyň ýubileý duşuşygy Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň jogap oýnuna gabat geldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşykda «Arkadag» futbol topary paýtagtyň «Köpetdagyny» kabul etdi. Duşuşyk 4:1 hasabynda «Arkadag» futbol toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Çärýek finalyň ilkinji duşuşygynda-da toparyň «Köpetdagdan» uly hasap bilen üstün çykandygyny (5:1) ýatladýarys.

Şeýlelikde, iki duşuşygyň netijesinde «Köpetdagy» 9:2 hasabynda ýeňen «Arkadag» futbol topary adyny ýarym finala ýazdyran ilkinji topar boldy.

Çärýek finalyň jogap duşuşygynda «Arkadag» toparynyň gollaryny 15-nji minutda Didar Durdyýew (11 metrlik jerime urgusyndan), 31-nji minutda goragçy Mekan Saparow, 36-njy minutda toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow, 61-nji minutda bolsa Yhlas Toýjanow geçirdi. «Köpetdagyň» ýeke-täk goluny 25-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow öz adyna ýazdyrdy.

Kubok bäsleşiginiň jogap oýunlarynyň beýleki duşuşyklary 20-nji maýda geçirilip, onda «Aşgabat» - «Merw», «Şagadam» - «Ahal» hem-de «Nebitçi» - «Altyn asyr» toparlary güýç synanyşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň