Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen emini Dünýä çempionaty— 2018-iň Özbegistan bilen Ýemeniň ýygyndylarynyň arasyndaky saýlama duşuşygyna bellenildi

16:3921.08.2015
0
6486

Suratda: Çarymyrat Gurbanow Dünýä çempionaty — 2018-iň Gonkong bilen Butanyň arasyndaky saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda pökgi bilen.

FIFA-nyň 37 ýaşly türkmenistanly referisi Çarymyrat Gurbanow Dünýä çempionaty— 2018-iň Özbegistan bilen Ýemeniň arasynda 3-nji sentýabrda Daşkentde geçiriljek saýlama duşuşygyna ätiýaçdaky emin hökmünde bellenildi.

FIFA-da habar berişleri ýaly, bu oýny Koreýa Respublikasyndan bolan eminler — meýdanda Li Min Hu we onuň kömekçileri Çaý Minb Ýon we Kim Ýong alyp bararlar. Eminlere gözegçi hökmünde Mohammed Hamad Al Sowail, duşuşygyň komissary hökmünde bolsa Ahmed Şahir (Maldiw adalary) bellenildi.

Çarymyrat Gurbanow 1977-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden “häzirki Baharly” şäherçesinde doguldy. 1994-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna okuwa girdi. Şol ýerde-de bilim almak bilen birlikde ýaş eminleriň toparynda bu ugurda okuwlary geçip başlady. Ýokary okuw mekdebiniň ýanynda hereket edýän bu topar öňki belli emin Juma Mahmudow tarapyndan döredilipdi.

1995-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň duşuşyklaryny ilki referiniň kömekçisi, 1997-nji ýyldan başlap bolsa baş emin hökmünde alyp bardy.

2003-nji ýylda halkara derejeli emin boldy. 2008-nji ýylda Aziýanyň saýlama eminleriniň hataryna goşuldy we resmi halkara duşuşyklaryna eminlik edip başlady.

Häzirki wagtda Ç. Gurbanow Türkmenistanyň öňdebaryjy futbol eminleriniň biridir. Ol milli çempionatyň jogapkärli duşuşyklaryna, ýurduň Kubogynyň, Naýbaşy kubogynyň şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finallaryna eminlik etdi.

2014-nji ýylda Inçhonda geçen Aziýa oýunlarynda ol Tailandyň we Yragyň ýygyndylarynyň arasyndaky çärýek final duşuşygyny alyp bardy. Şu ýyl bolsa Dünýä çempionaty — 2018-iň Gonkongyň we Butanyň ýygyndylarynyň arasyndaky saýlama duşuşyga eminlik etdi. Bu oýun gonkongly futbolçylaryň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlandy — 7:0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň