Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda täze resminamalara gol çekildi

22:0318.05.2023
0
22582

Habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga çakylygy boýunça, Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýokary derejedäki duşuşygy boldy. Soňra iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin:

— Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek biziň halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär — diýip belledi.

Si Szinpin strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna esaslanan energetika syýasatyny alyp barýandygyny nazara almak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy. Şeýle-de türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy.

Duşuşykdan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onuň barşynda:

— Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalary girizmek baradaky Teswirnama;

— Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga;

— Getirilýän we alnyp gidilýän haýwanlaryň karantini babatynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;

— Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Maglumat boýunça döwlet geňeşiniň edarasynyň arasynda köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň