Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň ХI ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady

11:2620.08.2015
0
3974

19-njy awgustda Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň ХI ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýranyň “Pars Pegah Tejarat” kompaniýasy bilelikde gurady. Dostlukly ýurduň senagat babatda ýeten derejeleriniň däp boýunça türkmen paýtagtynda geçirilýän sergisi iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant boldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdan we söwda ministri Mohammed Reza Nematzade dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň öňünde eden çykyşynda köpasyrlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän işjeň daşary syýasaty netijesine häzirki döwürde täze ösüşe eýe bolýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokary derejesi munuň subutnamasydyr. Bellenilişi ýaly, taraplar bu görkezijini has-da artdyrmaga meýillidirler.

Eýran Yslam Respublikasynyň önümçilik tehnologiýasynda iň täze ylmy-tehniki gazananlary özünde jemleýän senagat kärhanalarynyň diwarlyklary giň möçberli serginiň esasyny düzdi. Olar sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Nebitgaz we elektroenergetika, himiýa senagaty, ýol-ulag pudagy, suw we oba hojalygy, gurluşyk materiallary senagaty ýaly pudaklar üçin enjamlaryň we tehnikalaryň görnüşleri, şekilleri sergide görnükli orun eýeleýär.

Şeýle hem bu ýerde “Ista Steel Struсture сomp” kompaniýasynyň alýuminden we plasmasdan öndüren metal gurnamalary we profilleri, “Apadana Sanat” kompaniýasynyň sorujylary we elektrik enjamlary, “Shahid Ghandi Сorporation” kompaniýasynyň mis, elektrik  we optika süýümli kabelleri, “Polyetmhlene Hoghavemat Bandar” kompaniýaynyň plastik turbalary, “Сhloran сhemiсal produсtion сompony” kompaniýasynyň himiýa önümleri, “Adak Behin Niroo” kompaniýasynyň bölüji abzallary, “Сala” kompaniýasynyň nebit himiýa önümleri we beýlekiler görkezilýär. Mundan başga-da. suw üpjünçiligi, suw arassalaýjy ulgama, bezeg we gurluşyk materiallarynyň, daşdan edilen dürli örtgüleriň, plasmas önümleriň we elektrik panelleriň, agajy gaýtadan işleýän stanoklaryň, metal kesijileriň, ýylmaýjy stanoklaryň, burawlaýan enjamlaryň dürli görnüşleri görkezilýär.

Sergide Eýranyň ýeňil senagatyna degişli önümleri  bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde  dürli fabrik halylary, gaplaýjy enjamlar, aýna gaplary görkezilýär. Häzirki zaman ýyladyşhanalaryny we onuň enjamlaryny taslamalaşdyrmakda hem getirmekde iri düzüm bolup durýan “Marsus сom” kompaniýasynyň önümleri has-da uly gyzyklanma döretdi. Bu kompaniýalar polietilen plýonkalary, beýleki enjamlary, ýagtylyk saklaýjy ulgamlary, ýyladyşhanalary, howa arassalaýjylaryny, şeýle hem balyk we guş köpeldilýän kärhanalaryň gurluşygynyň taýýar taslamalaryny hödürleýär “Kimiadam” kompaniýasy guşçulyk fabrikleri üçin konsentirlenen iýmleriň dürli görnüşleri görkezýär.

Şeýle hem sergide işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur şertleriň döredilmegine mynasyp goşant goşýan  Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Medeniýet merkezi, “Sederat-Eýran” bankynyň wekilhanasy öz diwarlyklaryny guradylar.

Elde dokalan eýran halylarynyň dürli görnüşleri, bezegli gap-gaçlar, sowgatlyk önümleri we beýlekiler sergä özboluşly bezeg berdi. Munuň özi Eýran halkynyň gadym medeniýetiniň baý taryhynyň we sungatynyň bardygyny äşgär edýär.

Sergä gatnaşyjylar birnäçe günüň dowamynda iň täze tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary görkezýän köpugurly sergi bilen ýakyndan tanyşmaga, geljekki meýilnamalary we özara gyzyklanmalar esasynda işewür teklipleri taýýarlamaga mümkinçilik alarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň