Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, on birinji mejlisi boldy

10:0220.08.2015
0
2509

19-njy awgustda türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, 11-nji mejlisi boldy. Oňa döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady gatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri E.Ganiýewiň ýolbaşçylygynda goňşy döwletiň wekilçilikli topary Aşgabada geldi. Mejlisiň barşynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösýän döwründe şu duşuşygyň ähmiýeti nygtaldy, şol hyzmatdaşlyga bolsa taraplaryň bilelikdäki tagallalary bilen kuwwatly itergi berildi. Yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, şeýle hem  ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönüden-göni  ýardam berýän dürli derejedäki wekilleriň işjeň gatnaşyklary muňa şaýatlyk edýär.

Mejlise gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, soňky birnäçe ýylda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitleýän täze ikitaraplaýyn resminamalar bilen türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk esasynyň üsti ýetirildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolan ulag- aragatnaşyk toplumy we üstaşyr geçirmek, söwda we beýleki pudaklaryň birnäçesi boýunça dürli meseleler girizildi.

Söwda-ykdysady pudagy boýunça ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bilelikde, toparlaryň agzalary, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan, iki goňşy halklaryň taryhy, ruhy-medeni umumylyklary bilen şertlendirilen, däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.

Bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän, yzygiderli geçirilýän hökümetara maslahatlaryň wajyplygyny nygtap, mejlise gatnaşanlar, toparyň işiniň mundan beýläk-de taraplaryň ýagşy erk-islegine esaslanýan türkmen-özbek işjeň gatnaşyklarynyň giňelmegine we pugtalanmagyna, iki tarapa hem bähbitli bolan hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga iki goňşy ýurduň meýilleriniň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň