Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

14:3919.08.2015
0
1014

18-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň  Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Soňky ýyllarda  bu hyzmatdaşlyk täze ösüşe eýe boldy hem-de anyk wezipeleri çözmäge gönükdirildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň hereket etmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, şol sanda gender deňligi babatda gazanan üstünlikleri bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilhanasyna ýurdumyzda amala aşyrýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Belent mertebeli myhman UNFPA-nyň Türkmenistanyň durmuş syýasatyny hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli ädimlerini  goldaýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň gender deňligini we zenanlaryň hukuklarynyň kepilligini üpjün etmek,  saglygy goramak,  bilim, ýaşlary goldamak, jemgyýetde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ulgamlarynda uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýratyn belledi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory UNFPA-nyň Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmeginiň wezipelerini çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň bu goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegini bermek babatda amala aşyrýan taslamalaryna gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.

Jenap Babatunde Osotimehin Aşgabatda bolmagynyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berip, täze açylan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeze baryp görmek mümkinçiliginiň döredilendigini nygtady. Bu merkeziň enjamlaşdyrylyşy we onda hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýär. Belent mertebeli myhman ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözel keşbine haýran galýandygyny aýdyp, Atçylyk toplumyna baryp görmegiň ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny belledi. Şol ýerde myhman bütin dünýäde meşhur bolan ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine  we syrdamlygyna syn etmäge mümkinçilik aldy.

Söhbetdeşligiň barşynda geljek ýyl geçiriljek halkara maslahat barada hem özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bu maslahat UNFPA bilen bilelikde guralar we ýaşlar meselesine bagyşlanar. Bellenilişi ýaly, bu forum dünýä bileleşigini ýurdumyzyň ýaşlar babatdaky syýasaty hem-de onuň bu möhüm ulgamda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory Türkmenistanyň we UNFPA-nyň däp bolan köp ýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem  işjeňleşdirmäge çalyşýandyklaryny tassyklap, täze bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar. Şeýle hem Türkmenistanyň durmuşyň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda toplan oňyn tejribesiniň sebitde we bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýändigi hem-de onuň wajyp meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamakda iş ýüzünde ulanylyp bilinjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň bellenip geçilýändigini aýdyp, BMG-niň Baş sekretaryny we belent mertebeli myhmany bu şanly sene mynasybetli dekabr aýynda  Aşgabatda geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Pursatdan peýdalanyp, jenap Babatunde Osotimehin Türkmen döwletiniň Baştutanyny we tutuş türkmen halkyny bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu sene Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 70 ýyllyk senesine gabat gelýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýurdumyzyň oňyn halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygy nygtaldy. Şol başlangyçlaryň bolsa sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işinde saldamly goşant bolup durýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehin Türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça düýpli söhbetdeşligiň geçirilendigi üçin ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň