Berdiýewiň topary — güýçlüleriň bäşliginde

13:1519.08.2015
0
2879

Belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky “Rostow” Russiýanyň premýer-ligasyndaky ýeňlişsiz çykyşyny dowam etdirýär. Topar 5-nji tapgyrda öz meýdanynda Samaranyň “Krylýa sowetowy” bilen deň oýnady — 1:1.

Myhmanlaryň derwezesine bellenen 11 metrlik urgudan soň, rostowlylar öňe saýlandylar. Urgyny 13-nji minutda Polož dürs ýerine ýetirdi. Ýöne bu artykmaçlygy saklamak başartmady. 53-nji minutda Kornilenko çep gyradan öňe gidip, pökgini jerime meýdançasyna geçirdi, Gabulow bolsa ony kellesi bilen urup derwezä gönükdirdi — 1:1. Duşuşyk şeýle hasap bilenem tamamlandy.

Duşuşykdan soň, “Rostowyň” baş tälimçisi Gurban Berdiýew toparynyň öz mümkinçiliklerinden pes oýnaýandygyny, deňligiň bolsa kanunalaýykdygyny belledi.

—Gynansak-da, biz özümize häsiýetli bolmadyk zerur däl ýalňyşlara köp ýol berdik. Umuman, kanunalaýyk netije. 1:0 utup otyrkak ikinji pökgini geçirmäge-de mümkinçiligimiz boldy, oýnuň ahyrynda bolsa geçiribem bilýärdik. Oglanlaryň gereginden artyk alada eden bolmaklaram ähtimal, munuň sebäbini anyklamaly...

—Şu günki duşuşykda “Krylýanyň” ýapylman oýnandygy siziň üçin garaşylmadyk ýagdaý boldumy?

—Ýok. Şikes alan Dumbiýanyň ýoklugy ýakymsyz garaşylmadyk ýagdaý boldy, bu biziň üçin düýpli ýitgi. Noboany hem heniz oýna goşup bilemzok. Dogrusy, oýny güýçlendirere adam ýok. Azmun meýdana girdi, ýöne isleşimizçe özüni görkezip bilmedi.

—Dumbiýa haçan şikesden aýňalar?

—Gynansak-da, diňe bir aýdan.

—Toparyň ýolbaşçylary bilen siziň araňyzda Noboany oýna goşmak barada gürrüň boldumy?

—Şu oýna goşmaga söz berdiler, häzir bolsa indikä goşmaga söz berýärler. Netijede goşarlar diýip tama edýäris. Onuň özi hem gynanýar, çünki eýýäm köp oýun sypdyrdy.

22-nji awgustda myhmançylykda ýaryş tertibinde öňde barýan SSKA bilen boljak 6-njy tapgyryň öňüsyrasynda Gurban Berdiýewiň “Rostowy” 9 utuk bilen güýçlüleriň bäşligini jemleýär. Topar dördünji we üçünji orunlarda barýan “Spartak” bilen “Lokomotiwden” degişlilikde 1 we 2 utuk yza galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň