Balkanabat döwlet elektrik bekedinde 829 million kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasy öndürildi

09:4015.05.2023
0
15894

Balkanabat döwlet elektrik bekedinde şu ýylyň geçen dört aýynda 829 million 47 müň kilowat-sagatdan artyk elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi meýilnamanyň 101,5 göterime barabar ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 99 million kilowat-sagada golaý elektrik toguny artyk öndürmegi başaran kärhananyň hünärmenleri sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek üçin yhlasly zähmet çekýärler.

Ýylyň tutuş dowamynda üç çalşykda bökdençsiz işleýän desgada gaz turbinalarynyň goşmaça ikisiniň oturdylmagy toguň möçberini ep-esli artdyrdy.

Şeýlelikde, bu ýerdäki podstansiýalar toplumy, ýapyk we açyk görnüşli beketler, welaýatyň merkezini üpjün edýän orta kuwwatlandyryjy desga, beýleki bölümler hemişe saz işledilýär. Bekediň kadaly işlemegi üçin zerur tebigy gazy bermek maksady bilen, hereket edýän awtomatik gaz paýlaýjynyň kuwwatlylygy bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Fransiýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen beketde ulanyşda ýanýan gazlar arassalanyp, soňra ýörite gurlan tüsseçykarlar arkaly atmosfera goýberilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň