Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekleýin, ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky, ikinji sany çapdan çykdy

10:5518.08.2015
0
4769

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini düşündirmek we wagyz etmek maksady bilen döredilen “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekleýin, ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky, ikinji sany çapdan çykdy.

Žurnal adatdakylar ýaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň birnäçesiniň ýokary ýolbaşçylary we ýokary wezipeli wekilleri bilen duşuşyklaryna we gepleşiklerine gysgaça syn bermek bilen açylýar.

Mälim bolşy ýaly, ähli gyzyklanýan taraplar bilen hemmetaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlygy berkitmek, milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän daşary syýasat strategiýasynda esasy wezipe bolup durýar. Bu babatynda Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolaýe Timofti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Rustam Minnihanow, Pakistanyň Premýer-ministri Muhammet Nawaz Şarif bilen Aşgabatda bolan ikitaraplaýyn gepleşikler örän ähmiýetlidir.

Žurnalyň sahypalarynda şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreler hem giňden şöhlelendirilipdir.

Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ägirt uly okyjylar köpçüligi bolan žurnal Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň geljekki ösüşine tarap ynamly gadam urýan Türkmenistanyň häzirki zamanda gazanýan netijeleri, üstünlikleri we ösüşi hakynda öz pikirlerini mälim edýän daşary ýurtly belli syýasatçylaryň, ylmy jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň makalalaryna aýratyn orun berýär. Žurnalyň bu gezekki sanynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň direktory Farhad Mämmedowyň, Russiýa Federasiýasynyň “Wektor” Strategik barlaglar Halkara institutynyň ýolbaşçylary Andreý we Aleksandr Hriýenkolaryň, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhuanyň makalalary girizildi.

Ähli gyzyklanma bildirýänleriň bähbitleriniň deňeçerliginiň esasynda işjeň halkara gatnaşyklaryny ýola goýýan, tebigy we ekologiýa serişdelerine örän jogapkärçilikli hem-de aýawly çemeleşýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň energetika hem-de suw diplomatiýasyna bagyşlanan makalalar okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretjekdigi gürrüňsizdir.

Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda Bitaraplyk nyşany astynda Türkmenistanyň daşary syýasat işi, ýurdumyzyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi, importyň ornuny tutýan önümçilikde halkara tejribesi we beýleki ugurlara degişli makalalar ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň nobatdaky sany “Diplomatik durmuşyň sene ýazgysy” atly sözbaşy astynda şu döwürde türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen köpsanly daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, dünýäniň dürli ýurtlary bilen geçirilen gepleşikler, bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleri, halkara we sebitleýin forumlar hakynda gürrüň berýän makalalar bilen jemlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň