Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini Kabul etdi

10:2618.08.2015
0
2208

17-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ishak Karmel Kagany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet Baştutany we Ysraýyl Döwletiniň doly ygtyýarly wekili ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriň, ilkini nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça pikir alyşmalaryň barşynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Ilçi milletiň Lideriniň  ählumumy howpsuzlygyň täze binýadynyň kemala getirilmegine, sebitde hem-de tutuş dünýäde durnukly ösüş üçin oňyn şertleriň döredilmegine gönükdirilen işjeň orny we öňe sürýän halkara başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň bu ýörelgesiniň dünýäniň ähli ýurtlary üçin nusgalyk göreldedigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen ýurdumyzyň açyklyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ählumumy rowaçlygyň hem-de abadançylygyň bähbidine alnyp barylýan halkara tagallalara öz goşandyny goşjakdygyny aýtdy. Milletiň Lideri pursatdan peýdalanyp, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçy düzümini şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda guraljak dabaraly çärelere we halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Mundan başga-da, syýasy-diplomatiki hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgamda, has takygy, ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki dostlukly  ýurduň sazlaşykly hyzmatdaşlygynyň wajyp şerti bolup durýar.

Häzirki döwürde  aýratyn ähmiýet berilýän oba we suw hojalygyndaky we suwaryş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň  ugurlary ikitaraplaýyn gepleşikleriň esasyny düzdi. Şunuň bilen baglylykda, ilçi Ysraýylyň bu ugurda ägirt uly tejribesiniň hem-de bähbitli işläp taýýarlamalarynyň bardygyny aýdyp, Türkmenistan bilen suw serişdelerini arassalamak we netijeli peýdalanmak barada öz bilimini we täzeçil usullary babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Ilçi ak mermerli türkmen paýtagtynyň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny, bu şähere 7 ýyl mundan ozal gelendigini we şu döwürde amala aşyrylan işleriň Aşgabady tanalmaz derejede özgerdendigini  nygtady.

Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany jenap Ishak Karmel Kagan bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de  hoşniýetli sözleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine ýene  bir ýola hoşallyk bildirip, milletiň Liderini özüne bildirilen ynamy abraý bilen ödejekdigine, özara gyzyklanmalara kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygyň, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn yzygiderli ösdürilmegi üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň