Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

10:0518.08.2015
0
2150

Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde Türkmenistan bilen Sudan Respublikasynyň arasynda  diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak baradaky Teswirnama gol çekildi.

Nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklaryň ugruny giňeltmek meseleleri jenap  Mohammed Elias Mohamed Elhajyň Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde hem-de  “Türkmengaz”  döwlet konserninde meýilleşdirilen duşuşyklaryň barşynda ara alnyp maslahatlaşylar.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi paýtagtymyzdaky iri muzeýleriň gymmatlyklary we Aşgabat şäheriniň gözel ýerleri bilen tanşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň