Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

09:4718.08.2015
0
2793

17-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Sudan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohamed Elias Mohamed Elhajdan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň häzirki döwürdäki döwlet ösüşiniň esasy möhüm ugurlary, şeýle hem milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylygy bilen ýaýbaňlandyrylan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de berkemegini we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän iri möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy. Döwletiň okgunly ösüşini şertlendirýän we onuň halkara gatnaşyklaryň ulgamyna üstünlikli goşulmagyny üpjün edýän ylym we bilim ulgamlaryndaky özgertmelere aýratyn üns berildi.

Sudan Respublikasynyň Doly ygtyýarly ilçisine milli parlamentimiziň düzümi we onuň işiniň ugurlary  barada maglumat berildi.

Döwletara gatnaşyklarynyň geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda  özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.

Şeýle hem parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak babatda teklipler aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda jenap jenap Mohammed Elias Mohamed Elhaj Türkmenistan bilen Sudan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyklykda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň