Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Geňeşleriň agzalarynyň we aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi

09:3717.08.2015
0
2956

16-njy awgustda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Geňeşleriň agzalarynyň, şeýle hem  Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, bu gezekki saýlawlara örän uly taýýarlyk işleri geçirildi. Aýratyn-da, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlige 13 müň 528 adam bellige alyndy.  Olar ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary we birleşikleri, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan hödürlendi. Ýurdumyzyň etraplardaky şäherleriniň, şäherçeleriniň, geňeşlikleriniň çäklerinde 6 müň 41 saýlaw okrugy we 1828 saýlaw uçastogy döredildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, saýlaw okruglarynyň çäklerinde ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň hemmesi bir wagtda açyldy. Olaryň 328-si Ahal, 154-si Balkan, 432-si Daşoguz, 428-si Lebap we 486-sy Mary welaýatlarynda döredildi. Ähli uçastok saýlaw toparlary tarapyndan Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň 2 million 214 müňden gowragy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Mejlsiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş”  we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglarynda saýlawçylaryň 51 müň 705-si hasaba alyndy.

Ähli saýlaw uçastoklarynda saýlawyň geçişine milli synçylar doly syn etdiler. Olaryň gelen netijelerine görä, Geňeşleriň agzalarynyň we iki saýlaw okrugy boýunça milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlary bäsleşik we demokratik esasda geçip, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de  halkara hukuklarynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk geldi. Aýratyn-da, günüň birinji ýarymynda ses bermek işjeň dowam etdi. Şunlukda, günüň birinji ýarymynda saýlawçylaryň 50 göterimden gowragy özleriniň konstitusion hukuklaryny berjaý etdi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maglumatlaryna görä, sagat 19-a çenli, ýagny saýlaw uçastoklary ýapylýança Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 92,88 göterimi, milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlaryna saýlawçylaryň 91,96 göterimi gatnaşdy.

Merkezi saýlaw toparyň maglumatlaryna laýyklykda Geňeşleriň agzalarynyň we iki saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny geçdi diýip hasaplamak bolýar. Milli kanunçylygyň düzgünnamalaryna laýyklykda ses bermegiň netijeleri ýakyn wagtda aýan ediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň