«Röwşen» HK: «Gahrymanlaryň edermenligini we şöhratly taryhymyzy hakydamyzda saklamaly...»

16:0909.05.2023
0
50733

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli «Röwşen» aýakgap kärhanasynyň hünärmenleri Aşgabat şäherinde ýaşaýan uruş weteranlary Fatma Akperowany, Antonina Prýaniçnikowany hem-de Matron Wolginany gyzgyn gutladylar.

Şolaryň hatarynda Fatma Akperowa Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýalynly frontda söweşen esgerleriň ýeňişli dolanmagynda mynasyp hyzmaty ýerine ýetiren zenandyr. Ol eýýäm ýetginjeklik ýyllaryndan paraşýut matalaryny öndürmek pudagynda zähmet çekip, urşa mynasyp goşant goşupdyr. Şu ýylyň 1-nji maýynda bolsa, ol özüniň 100 ýaş ýubileýini belledi.

Antonina Prýaniçnikowa hem heniz ýetginjek döwründe Stalingradyň goragynda yhlasly zähmetini görkezipdir. Demir ýolda işlemek bilen, ýangyn bolan ýerleri söndürmäge gatnaşypdyr, ýaralanan esgerlere ilkinji lukmançylyk kömegini beripdir. Türkmenistana bolsa uruşdan soň, uruş weterany bolan ýanýoldaşy bilen gelipdir.

99 ýaşly Matrona Wolgina bolsa uruş ýyllarynda aragatnaşykçy bolup işläpdir. Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda bolup, duşmana garşy edilýän hüjümlerde aýgytly işleri ýerine ýetiripdir. Munuň üçin bolsa edermen zenan köp sanly baýraklara, alkyş hormata mynasyp boldy.

«Röwşen» HK-nyň hünärmenleri gahrymanlaryň öýlerine baryp, olary baýramçylyk sowgatlary bilen serpaýladylar, batyrgaýlygyň nusgalyk mekdebi bolan ýaşuly nesliň bu wekillerine çäksiz sagbolsunlary aýtdylar.

— Bu hili duşuşyklaryň esasy maksady sowgat gowşurmak däl diýip, kärhananyň hünärmenleriniň biri belleýär. — Iň esasy zat — gahrymanlarymyzyň edermenligini we şöhratly taryhymyzy hakydalarymyzda baky saklamak, geljekki nesillere aýrylmaz bölegi weteranlarymyz bolan taryhymyza sarpa goýmagy öwretmekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň