Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna badalga berler

17:2316.08.2015
0
8169

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň başlanmaly möhletleri anyk kesgilenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni  häzir gallaçy daýhanlarymyzyň öňünde möhüm wezipe durýandygyna çekip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 19-njy awgustdan başlap, bugdaý ekişine guramaçylykly girişmäge ak pata berdi. Il içinde sylanýan hormatly ýaşulularymyzdan bolsa, bugdaý ekişini «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymy möwsümini hem guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 29-njy awgustda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 6-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň