Soňky habarlar

Arhiw

Çoganly ýaşaýyş toplumynda üç tapgyrda 1000 töweregi häzirki zaman kottejleri gurlar

15:0214.08.2015
0
15872

Çoganly ýaşaýyş toplumynda üç tapgyrda 1000 töweregi häzriki zaman kottejlerini gurmak bellenilýär. Mundan başga-da, bu ýerde 600 okuwça niýetlenen mekdep we 160 körpäni kabul etjek çagalar bagy gurlar. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry durmuşa geçirilýär: eýýäm 60 jaýyň sütünleri dikeldildi, 140-synyň binýady goýuldy. Şol bir wagtyň özünde-de, desgalara suw geçirijileriň we lagym turbalarynyň 5 müň metri çekildi.

Gurluşygyň ikinji tapgyryna şu ýylyň ahyryna girişiler, tutuş şäherçe bolsa indiki ýyl ulanylmaga berler. Ähli işler paýtagtyň Bagtyýarlyk etrabynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça bellenilen möhletde “Aşgabatabatlaýyşgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 4-nji abatlaýyş-gurluşyk uprawleniýesi ýerine ýetirilýär.

Paýtagtyň çäginiň tas iki esse diýen ýaly giňeldilmegi bilen, şäheri ösdürmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin täze Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Eýýäm Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň 14-nji nobatdakysy dowam etdirilýär, 15-nji nobatdakysynyň gurluşygyna hem girişildi. Mundan başga-da, Parahat-7, Köşi ýaşaýyş toplumynda işler güýçli depginde dowam etdirilýär, Abadanyň hem Ruhabadyň keşbi özgerdilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň