Soňky habarlar

Arhiw

Irmatow Merkezi Aziýada Aziýanyň kubogyny geçirmek baradaky başlangyjy goldady

18:1803.05.2023
0
15359

Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Rawşan Irmatow CAFA-nyň prezidenti Rustam Emomaliniň Aziýa kubogyny Merkezi Aziýa döwletlerinde bilelikde kabul etmek baradaky teklibini goldaýandygyny aýtdy.

«Munuň üçin CAFA-nyň AFK-a ýüz tutmak bilen bagly başlangyjyny goldaýarys. Bu ýüztutma we çempionatyň geçirilmegi Merkezi Aziýada futbolyň has pajarlap ösmegine ýardam berer. Munuň üçin stadionlarymyzy AFK-nyň we FIFA-nyň talaplaryna laýyk getireris. Eger AFK bu hormaty bize ynansa, biz uly jogapkärçilik duýgusy bilen işläris we yklym çempionatyny iň ýokary derejede geçirmek üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys» diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasy onuň aýdanlaryny mysal getirýär.

Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň prezidenti Rustam Emomaliniň 8-nji gurultaýda sebitde bilelikde Aziýanyň kubogyny geçirmek baradaky teklibi orta atypdy. Merkezi Aziýa döwletleri 2031-nji ýa-da 2035-nji ýyldaky Aziýanyň kubogyny geçirmek üçi bilelikdäki ýüztutmany berip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň