Russiýanyň halk suratkeşi, suratkeş-modelýer Walentin Ýudaşkin 60 ýaşynda aradan çykdy diýip, onuň ýakynlaryna salgylanyp, «Interfax.ru» habar berdi.
Habarda modelýeriň 2016-njy ýyldan bäri böwrek düwnüginden ejir çekendigi aýdylýar. Ol geçen annada hassahana eltildi, emma lukmanlara Ýudaşkini halas etmek başartmady.
Ýudaşkin 1963-nji ýylda doguldy, ol sowet we rus suratkeşi-modelýeri, RF-iň halk suratkeşi, Russiýanyň at gazanan sungat işgäri hem-de ýurduň Çeperçilik akademiýasynyň akademigidir.
Ýudaşkin özüniň ilkinji egin-eşik toplumyny 1987-nji ýylda döretdi, emma oňa hakyky üstünlik 1991-nji ýylda geldi, şol ýyl ol Parižde geçen ýokary moda hepdeliginde «Faberže» toplumy bilen tanyşdyrdy. Şondan soňra rus egin-eşik bezegçisi diňe Watanynda däl, dünýäde meşhurlyk gazandy.
Öň, 30-njy aprelde modelýer Wýaçeslaw Zaýsew 85 ýaşynda aradan çykdy.