Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly eserler ýygyndysynyň nobatdaky kitaby türkmen we rus dillerinde çapdan çykdy

08:2312.08.2015
0
6997

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanan kitapda hronologiki tertipde döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleri, gutlaglary ýerleşdirildi.

Kitabyň başynda hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaýyn çykyşlaryndan şu jümleler ýerleşdirildi: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda syýasy durnuklylyk we agzybirlik höküm sürýär... Döwletimiziň durnuklylygyny, halkymyzyň abadançylygyny we agzybirligini gorap saklamak ata Watanymyzyň rowaçlygynyň özeni bolup durýar... Öz maksatlaryna ýetmek – bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, mähriban halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrmak ugrunda berkarar Watanymyz öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar”.

Neşir “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň döredijilikli güýç-kuwwaty” diýen gysgaça seljeriş syny bilen açylýar. Onda türkmen halkynyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky möhüm wakalar şöhlelendirilýär, milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynda öz beýanyny tapan syýasatynyň ynsanperwerlik manysy açylyp görkezilýär. Makalada şeýle hem Türkmenistanyň Baştutanynyň ýurdumyzy ösdürmek boýunça amala aşyrýan köpugurly işi, döredijilikli daşary syýasat ugrunyň esasy meseleleri hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan halkara oňyn başlangyçlary beýan edilýär.

“Gahryman Arkadagymyz — täze eýýamy dörediji” atly makalada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetiň ösüş kanunlaryny ýerlikli peýdalanmagy başarmak hem-de döwlet häkimiýetini amala aşyrmagy iş ýüzünde ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly, örän oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan we hemmetaraplaýyn ölçerilen syýasaty alyp barýandygy nygtalýar.

Hormatly Prezidentimiziň saýlanan eserleriniň 8-nji kitaby   milli Liderimiziň Türkmenistanyň ykdysady, durmuş we medeni syýasatynyň meselelerine, şeýle hem halk hojalygyna döwlet tarapyndan ýolbaşçylyk etmegiň ýörelgelerine, görnüşlerine we usullaryna, dolandyryş diwanynyň işini yzygiderli kämilleşdirmäge bagyşlanan işleriniň 96-syny birleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen nobatdaky kitaby 2014-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalary barada gürrüň berýän suratlar bilen tamamlanýar. Şol suratlarda bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhubelentligi aýdyňlyk bilen şöhlelendirilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň