Türkmenbaşy şäheriniň energetikleri 3 million 128 müň 300 manat girdeji aldylar

16:1308.08.2015
0
1327

Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde ýerleşýän gazturbinaly döwlet elektrik stansiýasynyň energetikleri ýylyň başyndan bäri önüm öndürmek we hyzmatlary bitirmek boýunça ýerine ýetirilen işlerden 3 million 128 müň 300 manat girdeji aldylar, şeýle hem bu baradaky meýilnamany 117,6 göterim ýerine ýetirdiler. Olaryň ýedi aýyň dowamynda öndüren elektrik energiýasy 824 million 69 müň kilowat-sagada deň boldy. Bu görkeziji hem meýilnamanyň 116,9 göterim ýerine ýetirilmegini üpjün etdi. Awaza döwlet elektrik stansiýasynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Bitarap we parahatçylyk ýylynyň geçen döwründe gazanan üstünligi «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň merkezi dispetçer müdirliginiň talabyna laýyk möçberde boldy. Döwlet elektrik stansiýasy boýunça bu döwürde gazanylan netijeler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň möhümleri üçin iberildi. Şonuň ýaly-da umumy ulgama goşant hökmünde goýberildi. Awazaly energetikleriň ýedi aýyň dowamynda ýeten önümçilik sepgidi hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk baýramyna taýýarlaýan zähmet sowgatlarynyň aýdyň beýany boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň