Soňky habarlar

Arhiw

«Dempromotion» mahabat we sowgatlyk önümleriň giň toplumyny hödürleýär

13:5824.04.2023
0
24508

«Dempromotion» kompaniýasy Türkmenistanyň telekeçilerine we kompaniýalaryna işewürlik sowgatlyklary pudagy boýunça hem-de logotipler, haryt nyşanlary, şygarlar we beýleki wizual maglumatlar ýerleşdirilen mahabat önümlerini we merç önümleri taýýarlamak hyzmatlaryny hödürleýär.

«Dempromotion» kompaniýasynyň müşderilerine islendik zadyň ýüzüne şekilleri çekmek (dokma önümleri, bulgurlar we termoslar, depderler, ruçkalar we beýleki kanselýariýa önümleri), bildirişleri, bannerleri, göwrümli harplary, yşykly gutulary, pilonlary, çap edilen mahabat önümlerini (diwar we stol senenamalary, stikerler), magnit sowgatlyklary, şahsy VIP-toplumlary, şeýle hem kärhananyň stilini işläp düzmek hyzmatlary hödürlenýär.

Kompaniýanyň logotipi, haryt nyşany ýa-da aragatnaşyk maglumatlary ýerleşdirilip taýýarlanylýan mahabat önümleri we merç işewür hyzmatdaşlar üçin ajaýyp sowgatlyk bolar, mahabat çäresi üçin gural hökmünde çykyş eder we işgärler üçin sowgat bolar. Aýna, plastik we beýleki materiallaryň ýüzüne çekilen şekilleriň ýokary hilli bolmagy suratyň wagtyndan öň öçmegine ýa-da reňkini ýitirmegine ýol bermez. Ýakymly bonuslar hökmünde – bahalar amatly we sargytlar gysga wagtyň içinde taýýarlanylýar.

«Dempromotion» 2010-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň mahabat bazarynda iş alyp barýar. Kompaniýanyň iş alyp baran ýyllarynyň dowamynda «KAMAZ», «Hyundai», «Petronas», «Schlumberger», «Toyota», «Kämil market» ýaly meşhur haryt nyşanlary, şeýle hem «Rysgal» banky, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Türkmengurluşyk» we beýlekiler onuň müşderisine öwrüldiler. Kompaniýanyň hünärmenleri müşderileriniň gyzyklanmalaryny we ýagdaýyny göz öňünde tutup, mahabat esbaplaryny dogry saýlamaga kömek edýärler.

«Dempromotion-yň» hödürleýän hyzmatlary bilen tanyşmak hem-de wekilleri bilen habarlaşmak üçin kompaniýanyň saýtyna ýüz tutup, şeýle hem (+993 63) 45 84 48, (+993 12) 90 65 18, (+993 63) 40 23 32 we (+993 63) 46 16 61 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Salgysy: Aşgabat, Görogly köç., «Aşgabadyň ýalkymy» SDAM. Elektron poçta salgysy dempromotion@dem-tm.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň