Soňky habarlar

Arhiw

Hytaý Ýa Ýa atly pandany watanyna alyp gider

12:0424.04.2023
0
36883
Hytaý Ýa Ýa atly pandany watanyna alyp gider
Surat: eadaily.com/AP Photo/ Karen Pulfer Focht

Hytaý Amerikanyň Memfis şäheriniň haýwanat bagyndaky Ýa Ýa atly pandany watanyna, ýagny Hytaýa alyp gider, bu barada «Xinhua» habarlar gullugy HHR-iň Tokaý we sähra hojalygy döwlet edarasyna salgylanyp habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarda pandanyň golaý günlerde Hytaýa eltiljekdigi aýdylýar, iki ýurduň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, Ýa Ýa Şanhaýa uçarda eltiler.

Ýa Ýa 2000-nji ýylda Pekiniň haýwanat bagynda doguldy, 2003-nji ýylda ol Memfisdaki haýwanat bagyna dostlugyň ilçisi hökmünde getirildi. 2013-nji ýylda ylalaşygyň möhleti uzaldyldy.

Öň Finlýandiýanyň Ehtýari şäheriniň haýwanat bagy iki sany pandany maliýe kynçylyklary sebäpli Hytaýa gaýdyp beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň