Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygyny kabul etdi

09:5207.08.2015
0
3379

6-njy awgustda Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygy Mustafa Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Duşuşyk milletiň Lideriniň “Çiragan Palaсе” kaşaň myhmanhanada ýerleşen kabulhanasynda geçirildi.

Jenap Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu döwlet Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, Türkiýäniň işewür toparlarynyň doganlyk Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Türkiýäniň Söwda palatalary we biržalary birleşiginiň başlygy türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bagly meselelere berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Milletiň Lideri mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hem öz gezeginde türk hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinýändigini, munuň üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň halklarynyň mizemez dostluk gatnaşyklaryna we taryhy taýdan emele gelen ruhy-medeni umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, dürli pudaklarda amala aşyrylan we häzir amala aşyrylýan birnäçe iri bilelikdäki taslamalaryň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijelidigine aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň telekeçileriniň düzümleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işläp düzmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu babatda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara, şeýle hem yzygiderli bilelikde geçirilýän işewürler maslahatlaryna we pudaklaýyn sergilere ähmiýetli orun berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Mustafa Rifat Hisarjyklyoglu döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna şu iş saparynyň däbe öwrülen dostlukly türkmen-türk hyzmatdaşlygyna täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şol hyzmatdaşlyk bolsa deňhukukly uzakmöhletleýin gatnaşyklara esaslanyp, özara bähbitlere laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň