Her okuw ýylynyň başynda bolşy ýaly, şu ýyl hem ýurdumyzyň bazarlarynyň, söwda merkezleriniň ýanynda «Mekdep bazarlary» açyldy. Olarda bilim işgärleri, talyplar, mekdep okuwçylary üçin dürli okuw esbaplary, talyplar we mekdep okuwçylaryna niýetlenen egin-eşikler elýeterli bahadan halka hödürlenilýär. Mekdep bazarlarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň öndüren önümleriniň has kändigini aýratyn bellemek gerek.
Mekdep bazarlary 9-njy sentýabra çenli ir ertirden giç agşama çenli halkyň hyzmatynda bolar.