Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki Beýannamasy

08:5306.08.2015
0
3560

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň çagyrmagy boýunça 2015-nji ýylyň 5—6-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary boldy.

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga iki tarapyň çalyşýandygyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentleri dostlukly hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna seretdiler, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 

Döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň arasyndaky syýasy gatnaşygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we çuňlaşdyrmagyň, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.

Prezidentler Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy agzalary bolup durýan köpugurly hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde köp sanly möhüm meseleler boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Döwletleriň Baştutanlary ählumumy meseleleri çözmekde, durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň edaralarynyň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassykladylar.

Döwletleriň Baştutanlary terrorçylyga, ekstremizme, bikanun migrasiýa, adam söwdasyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga, ýaraglaryň bikanun söwdasyna we neşe serişdeleriniň dolanyşygyna garşy göreşde ikitaraplaýyn derejede hem, degişli halkara guramalarynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Parlamentara gatnaşyklara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi hökmünde baha bermek bilen, Prezidentler Türkmenistanyň Mejlisiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Žogorky Keneşiniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Prezidentler şu saparyň dowamynda senagat we ynsanperwer ulgamlarda arkalaşykly işlemegiň anyk ugurlaryny giňeltmäge degişli ençeme resminamalara gol çekilendiginiň möhümdigini nygtadylar. Bu resminamalar iki döwletiň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek, olaryň mümkinçiliklerini iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine netijeli ulanmak üçin ygtybarly esas bolup durýan, Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny ep-esli pugtalandyrar.

Taraplar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde ähmiýetli ornuny bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, döwletleriň Baştutanlary iki ýurduň tagallalaryny ykdysady, ylmy-tehniki, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan şu ugurlaryna, ýagny:
türkmen we gyrgyz işewürler toparlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, söwda-senagat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmäge;

—agrosenagat toplumynda, ulag we energetika, azyk hem-de ýeňil senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge;

—ylym, tehnologiýalar we tehniki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny işjeň alyp barmaga;

—wekiliýetleriň özara saparlaryny işjeňleşdirmek, hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmak arkaly sebitara gatnaşyklary ösdürmäge;

— saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk babatda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Taraplar Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna nebit önümlerini ibermegiň mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň iki ýurduň çäklerinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynyň işlemegi üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini bellediler.

Prezidentler özara hormatlamagyň, ynanyşmagyň, açyklygyň we ikitaraplaýyn bähbidiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esas goýujy kadalary bolup durýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen wekiliýetine görkezen myhmansöýerligi, mähirli we dostlukly kabul edendigi üçin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew.

Bişkek şäheri, 2015-nji ýylyň 5-nji awgusty.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň