Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler giňeldilen düzümden dowam etdirildi

19:5205.08.2015
0
3026

Bişkekde geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler ik ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümden dowam etdirildi. Gepleşikler “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň uly zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün Gyrgyzystanda başlanan döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Gepleşiklerde bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy iki ýurduň oňyn başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylmagy ugrunda işjeň çykyş edýärler we birek-birege ýardam berýärler. Halkara düzümlerinde birek-biregi goldamak işi özüniň bähbitlidigini hem-de dogrudygyny görkezdi we bu işler iki ýurduň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyklykda geljekde hem dowam etdiriler.

Daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň möhümdigi bellenildi, ol geňeşmeler halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini has anyk seljermäge we pikir alyşmaga mümkinçilik berýär. Gepleşikleriň barşynda parlamentara gatnaşyklar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan amatly daşary syýasy şertleri döretmek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, mümkinçilikleri we iki ýurduň hem bar bolan uly kuwwatyny hasaba almak bilen, bilelikdäki işiň täze ugurlaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň soňky ýyllarda durnukly ösýändigini nygtady. Hususan-da, 2014-nji ýylda bu görkeziji 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,5 esse artdy, şu ýylyň alty aýynda bolsa 54 göterim ösüşe eýe boldy. Emma, bu maliýe görkezijiler iki döwletiň uly mümkinçilikleriniň doly ulanylýandygyny aňlatmaýar. 

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyny gündogar ugry boýunça gaz geçirijileri gurmakda özüniň strategiki hyzmatdaşy hasap edýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý täze gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga ägirt uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan kosmos aragatnaşyklar tehnologiýasyny özleşdirmäge girişdi. Häzirki döwürde ýurdumyz giň ulgamly aragatnaşyk, şol sanda Internet üçin özüniň emeli hemrasynyň esaslaryny doly güýjünde işletmek mümkinçiligine eýe  boldy we gyrgyz hyzmatdaşlary ýokary tehnologiýalar ulgamynda täzeçil ýörelgeleri we tejribeleri alyşmak babatda özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge çagyryldy.

Şeýle hem syýahatçylyk we jahankeşdelik senagaty ýaly özüne çekiji pudakdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny öwrenmegiň zerurdygy bellenildi. Bu babatda iki ýurduň hem ägirt uly mümkinçilikleri bar. Gyrgyzystan dag syýahatçylygyny ösdürmek boýunça ägirt uly tejribe toplady. Yssik-kölüniň ady halkara nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanda hem bu ugurda ägirt uly mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça iri möçberli we uly geljegi bolan taslama durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde gojaman Hazaryň kenarynda myhmanhanalar we şypahanalar ulgamyny özünde birleşdirýän düzümleýin toplum hereket edýär. Bu ýere ýylda dynç almak üçin müňlerçe adamlar gelýärler.

Bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti geljek ýylda “Awazada” syýahatçylyk boýunça bilelikdäki türkmen-gyrgyz forumyny geçirmegi teklip etdi. Onuň çäklerinde amala aşyrylan dürli maýa goýum taslamalary boýunça bilelikdäki çäreleri işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak mümkinçiligi dörär. Bu bolsa syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň peýdaly we netijeli bolmagyny şertlendirer.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň medeniýet, ylym we bilim babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňyn däplere eýedir we bu ugurlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Medeni-gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmakda iki ýurduň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan taryhy däplere, ýörelgelere möhüm orun degişlidir. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda folklor, saz toparlaryny, sungat ussatlarynyň wekillerini alyşmak asylly däbe öwrüldi. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri Türkmenistanda hem Gyrgyz Respublikasynda hem geçirilýän halkara maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi we Türkmenistan öz nobatynda gyrgyz medeniýet we sungat ussatlaryny garşylamaga taýýardyr.  Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany bilelikde kino hepdeligini geçirmegi teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň