Erkin döredijilik mekanynda döredijilik duşuşygy geçirildi

11:4620.04.2023
0
31027

Aşgabatdaky Erkin döredijilik mekanynyň mejlisler jaýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň guramagynda «Döwrüň bedew bady bilen röwşen geljege tarap!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa ýazyjy-şahyrlar, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda zähmet çekýän döredijilik işgärleri, şol sanda ýaş žurnalistler, ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, döredijilik duşuşygynda çykyş edenler dürli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikleri gysgadan manyly beýan etmekde we gyzgyny bilen halk köpçüligine ýetirmekde žurnalistika hünärini ykbal edinen ýaşlaryň halypalaryň görüm-göreldesine, gymmatly maslahatlarydyr sapaklaryna eýerip, has-da kämilleşmelidikleri, munuň üçin ähli zerur şertleriň bardygyny bellediler. Hususan-da, tejribeli žurnalistleri ýetişdirmekde, umuman, söz bilen iş salyşýan ýaş döredijileri ýüze çykarmakda ýurduň gazet-žurnallarynyň redaksiýalaryna möhüm ornuň degişlidigi, şunda halypa-şägirtlik ýörelgesiniň uly ähmiýete eýedigi hakynda aýdyldy.

Çäräniň barşynda ýaş žurnalistler hem halypalara hünär ugurlaryndan özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, degerli jogaplary aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň